Aşgabat-Stambul ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

1 aý ozal 20

Alnan maglumatlara görä, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Mälim bolşy ýaly, dünýäde ýüze çykan koronawirus ýokanjy sebäpli halkara uçar gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi we wagtlaýyn togtadyldy.

Häzirki wagtda diňe ýörite uçar gatnawlary amala aşyrylýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen bir hatarda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy hem Stambul-Türkmenabat-Stambul hem-de Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Şu gün beren habarymyza görä, “Türkhowaýollary” kompaniýasy düýn, ýagny 27-nji oktýabrda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Bu kompaniýa öňümizdäki aýyň ilkinji 10 günlüginde nobatdaky uçar gatnawynyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Şeýle hem indiki aýda ýene-de 2 ýörite uçar gatnawyň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem 29-njy oktýarbda Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky 25-nji ýörite gatnawyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Siz halkara uçar gatnawlary baradaky we beýleki habarlary gyzgyny bilen okamak üçin “Google Plaý Marketden” şu ýere basyp “Atavatan APP” Applikasiýasyny ýükläp alyň!

Atavatan TV” YouTube kanalymyzdaky täze show gepleşigimize tomaşa etdiňizmi?  Show gepleşigimize şu wagta çenli Söhbet Kasymow, Ahmet Atajanow, Kerim Hally, Perhat Ataýew we Jelil Atajykow hem-de beýleki sungat ussatlary myhmançylykda boldy. Siz ähli gyzykly we güldürýän show gepleşiklerimizi şu ýere basyp tomaşa edip bilersiňiz!

Biz indi rus dilindäki habarlary hem yzygiderli Size ýetirip durýarys we saýtymyzdaky rus dilindäki habarlary okamak ùçin şu ýere basyñ.

Siz biziñ @atavatanturkmen Instagram sahypamyzdan saýtymyza girilen Türkmen dilindäki habarlary okap bilersìñiz.

Rus, Inlis we Türk dilindäki Instgaram habarlarymyz ùçin @atavataninternational hasabymyzy yzarlaň!

Android ulgamynda işleýän Google Plaý marketde hereket edýän Makul Sözlük  Applikasiýasyny” göçürip almak üçin şu ýere basyň!

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Bütin makalany okaň