“Apple”-iň ilkinji kompýuteri auksionda

2 hepde ozal 42

Tehnologiýa ägirdi “Apple” kompaniýasynyň ilkinji önümi bolan “Apple-1” kompýuterleriniň biri şu hepde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda auksiona çykarylýar. Stiw Jobs tarapyndan döredilen 45 ýyllyk kompýuteriň takmynan 600 müň dollara alyjy tapmagyna garaşylýar. Işleýän ýagdaýynda seýrek duş gelýän model kolleksionerler üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Stiw Jobsuň Los Altosdaky öýünde Jobs, Stiw Wozniak, Patty Jobs we Daniel Kottke tarapyndan döredilen “Apple-1” atly kompýuter bary-ýogy 200 sany öndürildi.

Bu kompýuterleriň biri şu hepde auksiona çykýar. Şeýle-de bolsa enjam, gadymy tehnologiýalaryny ýygnaýjylar üçin “mukaddes” hasaplanýar.

“Apple-1”-iň hünärmeni Kori Kohen “Bu hakykatdanam köp adam üçin tolgundyryjy” diýdi. Düýbi Kaliforniýada ýerleşýän auksion öýi “Jon Moran Auctioneers”  kompýuteri 200 000 dollardan başlanýan teklipler bilen auksiona çykarýar. “Apple-1” hünärmenleri kompýuteriň takmynan 600 000 dollar girdeji getirjekdigini çaklaýarlar. Beýleki tarapdan, 2014-nji ýylda Nýu-Ýork auksion öýi “Apple-1” kompýuterini 905 müň dollara satypdy.

Auksiona çykan kompýuteriň ilkinji eýesiniň elektronika professorydygy aýdyldy. Bu adam 1977-nji ýylda “Apple II” –ni satyn almak üçin kompýuterini bir okuwça satandygy habar berilýär. Kompýuteriň şondan bäri şol bir adamdadygy barada maglumatlar paýlaşyldy. Auksion öýüniň habaryna görä, “Apple-1”  kompýuteri giňişleýin barlamak, dikeltmek we baha bermek işi bilen doly gözegçilikden geçdi.

Beýleki tarapdan, satuwa çykarylan bu modeliň koa agajy bilen örtülen alty modeliň biri bolup, şondan soň seýrek, gymmat düşýän we “Panasonic” wideo monitory bardygy aýdyldy.

 

Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga çagyryldy

 

Bütin makalany okaň