Akyl-paýhas bäsleşigi dowam edýär

2 месяцев назад 19
Akyl-paýhas bäsleşigi dowam edýär

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagynda ýokary bilimli diplomatlary taýýarlamak maksady bilen açylan “Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň” agzalarynyň arasynda geçirilýän “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” atly akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýny 2022-nji ýylyň 29-njy martynda  “Osman döwletiniň daşary syýasaty we diplomatiýasy” temasy boýunça geçiriler. 

Bäsleşigiň I saýlama tapgyrynyň 6-njy oýnuna gatnaşmaga hukuk gazanan okuwçylar okamaklary maslahat berilýän edebiýatlar barada giňişleýin maglumatlar bilen institutyň resmi web saýtynyň https://www.iirmfa.edu.tm/ “Bildirişler” bölüminde tanşyp bilerler.

Continue reading Akyl-paýhas bäsleşigi dowam edýär at InAshgabat.

Читать всю статью