Ahal welaýatynda täze döwrebap athananyň düýbi tutuldy

1 aý ozal 33
Ahal welaýatynda täze döwrebap athananyň düýbi tutuldy

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň golaýynda 600 sany Ahal-Teke atylary üçin döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu baradaky habary orient.tm habar berýär.

Milli Liderimiziň gol çek kararyna laýyklykda guruljak bu athana, “Nur Bina Gurluşyk” HK-sy tarapyndan gurulup, täze athanany 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär. Belläp geçilmeli ýene bir möhüm zatlaryň biri bolsa, gurluşykda Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa gurluşyk materiallary ulanylar.

Athananyň gurluşygy üçin 15,4 gektar ýer bölünip berildi we bu ýerde atlaryň saglygyna gözegçilik etmek üçin weterinariýa hassahanasy hem gurlar.

Continue reading Ahal welaýatynda täze döwrebap athananyň düýbi tutuldy at InAshgabat.

Bütin makalany okaň