Adaty türkmen tanslary medeni mirasymyzda

3 hepde ozal 18

Türkmen halkynyň milli däp – dessurlary, kada-kanunlary, adat-ýörelgeleri müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelendir. Ata-babalarymyzyň millet hökmünde kemala gelmeginde bu gymmatlyklaryň ähmiýeti juda uly bolupdyr.

Türkmen medeniýeti köpöwüşgünli we örän çuň manyly tanslara beslenendir. Aslynda, milli mirasymyzy halk döredijilik eserleridir tanssyz, şirin zyban aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen tansy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine goşan naýbaşy gymmatlyklarynyň biridir. Tansyň döreýiş gözbaşlary müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar hem doly tassyklaýar. Munuň özi ata-babalarymyzyň baryp, gadym döwürlerde hem tansyň jadyly güýjüne ynanyp, onuň ylham älemine özlerini atarypdyklaryny, tansyň lezzetini duýup, täze ýaşaýşa–galkynyşlara ruhlanandyklaryny subut edýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen giň gerim bilen milli mirasy öwrenmäge aslyna degişli gymmatlyklary milli äheňde öwrenmäge mümkinçilik döredildi. Şeýle mümkinçilikler saz, tans sungaty bilen baglyda özboluşly ähmiýetlige eýe bolan üstünlikleri gazandy.

Gadymy türkmen tanslary hem häzirki döwürde milli äheňne gaýdyp geldi. Gyzlarymyzdyr  ýigitlerimiz milli egin-eşiklerimizde, ýagny keteni köýnekli, tahýaly, gupbaly, türkmen donly, milli nagyşly lybaslarda tansyň geçmişdäki manysyna döwrebaplygyň äheňini goşup, özboluşly milli tanslarymyzy döredýärler. Mysal üçin, antik döwre degişli Köne Nusaý galasyndan ýüze çykarylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir.

Ylmy maglumatlarda 1055-nji ýylda beýik Seljuk şadöwletiniň soltany Togrulbegiň Bagdatda garşylanyş dabarasy mynasybetli tutulan uly toýuň hem-de onda türkmen ýigitleriniň ýerine ýetiren täsin tanslaryň waspy ýetirilipdir. Abu-l-Faraj Ioan Grigoriý bar-Ebreýiň ýazgylarynda şeýle diýilýär: ”Sotan Togrul Bagdada halyfyň köşgünde garşylananda türkmen ýigitleri örän täsirli halk aýdymlaryny aýdyp, gerçek ýigitler sazyň şowhunyna ilki bir dyzyny epip oturyp şowhunly el çarpdylar, soňra bolsa çalasynlyk bilen ýerinden turup, parlaýa-parlaýa aýlanyp tans edipdirler”.

Türkmen tanslary hem ynsanyň ýüregindäki  we kalbyndaky isleg-arzuwlaryny tans hereketleri arkaly aýan edýärler. Şeýle tanslardan «Bilezik», Yhymmyl», «Küýzeli gyz», «Çörek ýapdy» ýaly tanslary ýatlap bileris. Olar türkmen gyzynyň asyllygyny, edepligini, mylaýymlygyny görkezýär. Türkmen gelin-gyzlary elleriniň hünärliligini, eli çeperligini we zähmetsöýerligini «Çörek ýapdy», «Halyçy gözel» tanslarynda  beýan edýärler. Türkmen hakynyň aýratyn mana eýe bolan milli tansy «Küşdepdidir». Küştdepdiniň XIX asyryň ahyrynda–XX asyryň başynda Türkmenistanyň günbatar etraplarynda uly höwes bilen ýerine ýetirilişi barada alym N.Garaşhanogly Yomudskiý özüniň “Kaspiýaka türkmenlerde zykyr” atly işinde ýazypdyr. Işde zykyryň örän gadymy tansdygy nygtalyp, onda şamançylyk dessurlarynyň saklanyp galandygyny aýdylýar.

1871-nji ýylda rus ekspedisiýasy agzasy hökmünde Türkmenistanda bolan rus syýahatçysy S.A. Gunaropulo “Türkmen sähralarynda” atlandyran işinde şeýle ýatlamalary galdyrypdyr. “Toý meýlisi gutarandan soň obanyň adamlary biziň aýdym aýdýan esgerlerimiz bilen garyşyp, özboluşly ýogyn sesleri bilen aýdym aýdyp, döwre gurap tans edip, bizi gämä çenli ugratdylar”.

Etnograf Ş.Annagylyjow “Küştdepdiler” atly kitabynda bu tansyň Nowruz günlerinde uly joşgun bilen ýerine ýetirilendigini, şeýle hem küştdepdiniň toý-baýramlarda ýerine ýetirilýän görnüşleriniň «yşky zykyr» diýlip atlandyrylýandygyny ýazypdyr.

Türkmenistanyň Günorta etraplarynda «Zykyr» diýilse, demirgazyk taraplarda «küşdepdi» diýilýär. Zykyr tansy 2 görnüşde ýerine ýetirilýär: 1-nji görnüşinde işanlar dälileri we keselleri bejermek üçin ýerine ýetiripdirler. Kesellän adamy jaýyň ortasynda oturdyp işan we onuň ýakyn kömekçisi (gazalçysy) Mukaddes kitaplardan bölekleri aýdym edip aýdypdyr. Her bentden soň beýleki gatnaşýan adamlar «Hhua-hhua» diýen  sesleri çykaryp gygyrypdyrlar. Gazal aýdylan wagty eliň her hili hereketleri bilen gara güýji, şeýtany, kesellän adamyň bedeninden kowup çykarypdyrlar. «Zykyr» tansynyň ikinji usuluda, zykyr tomaşalar hökmünde ulanypdyr. Göwün açýan zykyr, ýagny «yşky zykyr» başgarak görnüşe eýe bolan. Köplenç, muny toýlarda ýaşlar gurapdyrlar. Daş töwereklerde gazal aýdyp oturan adamlaryň arasynda bir aýal we erkek kişi öňe çykyp tans oýnapdyrlar. Bu tans çalt depginde oýnalyp, iki tansçam aýaklary bilen depip, tansa elleriniň hereketlerini hem goşupdyrlar. Gazaly esasan, zenan maşgala käte, oglan çekipdir. Aýal maşgalalaryň aýdan gazalyň manysy erkek kişileriň aýdanyna garanyňda tapawutly bolupdyr. Mysal üçin:

Gara saçym towlanyp dur,

Al ýaňakdan tar bolup.

Köp mahallar jepa çekdim,

Saňa intizar bolup.

Şeýle aýdylyşdan soň, köplenç, bokurdaklarynyň kömegi bilen,  «eýha-eý», «hhu-hhu-hh» sesler bilen dowam edipdirler. Soň ýene täze bentler aýdylyp manylary şol öňküsinde galypdyr. Tans oýnalan wagty iki jüp bir-birini ellemek gadagan edilipdir. Şeýle düzgün bilen tans agşama çenli dowam edilipdir. Bu tans ýere aýagyňy urmak bilen başlanýar we tansda ýere depmek hereketi «göreş» mowzugynyň häsiýetine eýe bolmak bilen aýal-gyzlaryň oýnaýan «hymmyl» tansynda gabat gelýär. «Hymmyl» tansynda aýallar ýyrtyjy guşy suratlandyryp bir-birine topulýarlar. Türkmen halkynyň milli tans sungaty döreýiş  kökleriniň örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny onuň mazmunynda gadymy ekerançylyk dessurlarynyň, tebigatyň täsin hadysalarynyň, jandarlaryň dürli hereketleriniň, otparazlyk dininiň täsin dessurlarynyň  öz beýanyny tapýandygy hem doly subut edýär. Küştdepdiniň “zem-zem” atlandyrylýan görnüşinde türkmen tebigatynyň täsin jandary zem-zemiň hereketleri hem öz beýanyny tapýar. Alymlaryň pikiriçe, jandaryň hereketlerine öýkünmek, olaryň süňküni ýa-da toýundan, daşdan ýasalan heýkelini jaýyň ybadat dessurlarynyň berjaý edilýän ýerinde saklamak ýaly gadymy ýörelgeler irki ynsanlaryň jandarlary keramatlaşdyrmak bilen bagly däplerinden gözbaş alypdyr.

Ajaýyp türkmen tebigatynyň gözelligi, esasan hem bahar aýlary ekerançylyk işleriniň möwç urmagy, jandarlaryň işjeňliginiň artmagy ynsanlarda aýratyn ruhubelentlik döredýär. Şeýle täsirler tans sungatynyň mazmunynda orun tapyp, käbir jandarlaryň, guşlaryň, agaçlaryň hereketlerine öýkünmek ýaly tans hereketleriniň döremegine sebäp bolupdyr.

Türkmen milli tanslarynyň mazmun baýlygyny  we döreýiş gözbaşlaryny ylmy jähtden öwrenmekde esasan, gelin-gyzlar, aýallar tarapyndan uly höwes bilen ýerine ýetirilýän “Çapak” tansynyň ähmiýeti biçak uludyr.

Tansy ýerine ýetirmek üçin döwre gurap durýarlar. Döwräniň ortasyna sazlaşykly we çalasyn tans edýän, ýaş gelinleriň ýa-da aýallaryň ikisi çykyp, egninden ýokary galdyran elleriniň aýasyny biri-birine urup, edil guşlaryň böküşi ýaly jüp aýaklap tans etmäge başlaýarlar. Zenanlaryň bir-ikisi deprek kakyp, beýleki gyzlar-gelinler bolsa el çarpyp olary goldaýarlar. Deprekçi aýallaryň çalýan köpöwüşgünli kakuwlary bilen sazlaşyklykda tansyň joşguny girdigiçe artýar.

Tansyň dowamynda ortadaky gelinler edil guwlaryň towsunyşy ýaly towsup-towsup bökýärler, ellerini döşlerine kakyp, biri-birinden owadan, hyjuwly hereketleri etmäge çalyşýarlar.

Tansçylar ýadan soň elleri agaç kaşyk-çemçeli gelin-gyzlaryň ikisi çykýar, çemçeleri bir-birine kakyp, depregiň heňine sazlaşyklykda tans edýärler. Töwerekdäki tomaşaçylar depregiň sesine goşup el çarpýarlar, käbirleri ellerine kaşyk alyp duran ýerlerinde tans edýärler, kähalatda, deprekçi daýzalar haý öleň aýdýanlaryny aýdýarlar. Tansyň bu görnüşine “kaşyk tansy” hem diýilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli tans  sungatymyzyň gadymy görnüşleri giňden ýaýrady. Halk tanslarymyz täze öwüşgünler hem-de joşgunly hereketler bilen ösdürilýär. Eger-de öňler küştdepdi tansy esasan Hazar kenarynyň ýakasyndaky obalarda, “Çapak” tansy Gündogar Türkmenistanda has meşhur bolan bolsa, indi milli tans hökmünde güneşli Türkmenistanyň ähli obalarynda uly höwes bilen ýerine ýetirilýär.

Halk tanslarymyz bagtyýarlyk döwründe geçirilýän milli baýramlarymyzy örän şagalaňly, ruhubelent ýagdaýa besleýär. Tomaşaçylaryň toý keýpiçaglygyny götermek bilen eziz Watanymyza, bagtyýar zamanamyza, Gahryman Arkadagymyza bolan söýgini, buýsanjy artdyrýar, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Munuň aňyrsynda, halkymyzyň ata-babalardan miras bolup gelen milli ýörelgelere ygrarlylyk, çäksiz hormat-sylag dur.

Häzirkizaman tanslary ýerine ýetirilende aýdylýan gazaldyr toý aýdymlarynyň mazmunynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýetilen bagtyýarlyk zamanasy uly joşgun bilen wasp edýär. Milli aýdym-sazlarymyzy diňläp, halk tanslarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişine tomaşa edeniň-de, göwün guşuň ganatlanyp, kalbyň heýjana gelýär.

Milli Liderimiziň hut özüniň başlangyçlary we başda durmagynda ýurdumyzda her ýylda Medeniýet hepdeligini geçirmegiň ýola goýulmagy bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen medeniýetiniň henize çenli aýan bolmadyk gadymy nusgalarynyň asylly däp-dessurlaryny ýüze çykarylyp başlandy. Türkmen medeniýetiniň baý mazmunly gymmatlyklaryny dikeltmek, ylmy taýdan çuňňur öwrenmek bolsa, umumadamzat medeniýetini öwrenmekde möhüm ädimdir.

Milli tanslarymyzy indi türkmen öz milli eşiklerimiz bilen, milli tanslarymyz bilen, saz gurallary bilen dünýä tanalýandyr. Biziň aýdýan küştdepdi tansymyz biziň döwrümizde hem uly höwes bilen ýerine ýetirilýär. Türkmende toý baýram goşa-goşadan gelýär. Her baýramçylykda türkmen ýaşlary ruhubelentlik bilen küştdepdi tansyny ýerine ýetirýärler.

Bahar MÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Taryh we arheologiýa  institutynyň uly ylmy işgäri.

 

Baýlygy 300 milliard dollara ýetdi

 

 

 

Bütin makalany okaň