Abu Seýid Ahmet Mänewi – ussat mugallym, alym

3 hepde ozal 16

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň ylmy ulgamyny ösdürmek boýunça gol çeken resminamalary mugallymlaryň işinini täzeden gurmagy talap edýär. Şol nukdaýnazardan ussat mugallym, terbiýeçinas, beýik dana Abu Seýid Mänewiniň durmuş ýoluny öwrenmegi wajyp hasap edýäris. Onuň doly ady Abu Seýit Fazelula ibn Abul Haýr Muhammet ibn Ahmet Mänewi bolup ol hijri kamary hasabynda 357-nji (967-nji milady) ýylyň aşyr aýynyň birinde, ýekşenbe güni Horasan ýurdunyň Hawran düzlüginde ýerleşýän Mäne obasynda dünýä inýär (Mäne obasy häzirki Kaka etrabynda ýerleşýär).

Bu beýik alymyň durmuşynyň  köp bölegi ýaşlara bilim we terbiýe bermek bilen  baglanyşykly bolýar. Mäne babanyň şahyrana döredijiliginiň esasy mazmuny adamlarda kalby päkligi, ýumşaklygy, mylaýymlygy, ynsaby, arassalygy, lebzi  halallygy, dosta, ýoldaşa mähribanlygy, wepadarlygy, sahawatlygy terbiýelemäge gönükdirilendir.

Beýik mugallym, ynsanperwer şahs haýsy ylymdan näme bilýän bolsa, şolaryň baryny höwesgärleriň hemmesi üçin öz ylym-bilim sandygynyň agzyny açyk saklapdyr. Nämedir bir zatlary bilip, olary-da gysganyp ilden gizleýänleri ýa-da öz ylmyna-bilimine buýsanyp, nebsini saklamanlary halamandyr. Şol zeýilli adamlary öz eserlerinde berk ýazgarypdyr. Muňa mysal edip, geliň şu ýerde, onuň bir bent rubagysyna ýüzleneliň:

Ýat tutanda bolsaň, müň kitaby sen,

Ne peýdan, nebsiňe buýrup bilmeseň,

Namaz üçin nä goýýarsyň ýere baş

Bilim berip, ajy doýrup bilmegeň?!

Ussat mugallym Mäne baba ylmy ösdürmekde-de köp işler bitiripdir. Ol Gündogaryň  danalarynyň biri Abu Ali Ibn Sina bilen birnäçe ýylyň dowamynda hat üsti bilen aragatnaşyk saklaýar. Ibn Sina türkmeniň beýik danasy Abu Seýit bilen duşuşmak, didarlaşmak, ýüzbe-ýüz oturyp söhbetleşmek, onuň keramatly elleri bilen salamlaşmak nesip edýär. Maglumatlara görä olar 3 gezek duşuşýarlar. Bu duşuşyklarda olar özara düşünişmek esasynda tebigat ylymlary hakynda söhbet edipdirler.

Bu duşuşykdan soň Ibn Sinadan pirimizi nähili gördüniň diýip soranlarynda ol: “Men birnäçe zatlary gördüm-ýöne olaryň nähili ýagdaýda bolup geçýänine aklym ýetmedi. Diwara urlup duran çüýi gördüm-oňa urlup duran daşy gördüm. Ýöne daşy tutýan eli görmedim. Çyra ýandy – ýöne kimiň ýakanyny görmedim. El-ýüzümi ýuwmak üçin kündigi elime aldym – onuň nähili suwdan dolanyny bilmedim”. Bu sözler Mäne babanyň beýik pir, Allanyň nazary düşen adamydygyny häsiýetlendirýär.

Ibn Sina dünýäniň Allanyň döreden kanuny esasynda biri – biri bilen berk baglanyşykly emele gelendir diýýär. Beýik pirimiz Mäne baba – ähli maddy barlygy Allanyň gudraty bilen döredilen we şol gudratyň esasynda ýaşaýandygyny aýdyp bir keçäni ýerden alyp howada goýupdyr-da Ibn Sinadan tebigat kanunlary esasynda alyp bermegi haýyş edipdir. Bu ýagdaýdan soň Ibn Sina “Men onuň aýdanlaryny uzakdan eşidýärin, ýöne ol diňe meniň aýdanlarymy uzakdan eşitmän, islendik hereketini hem uzakdan aňyp görüp bilýän keramatly adamdyr “diýip biziň pirimize uly baha beripdir.

Abu Seýit Mänewi  bilen Ibn Sina birnäçe gezek duşuşýarlar. Bir gezek Abu Seýidiň gatnaşmagynda Nişapurda bolan çekişme Ibn Sinada gatnaşýar. Şol duşuşykda olar özara düşünişmek esasynda tebigat ylymlary hakynda söhbet edipdirler. Ibn Sina adamzadyň, älem –jahanyň, tebigatyň Allanyň döreden kanuny esasynda biri-biri bilen berk baglanyşykly emele gelendigini, ýaşaýandygyny, özgerýändigini subut etmäge çalşypdyr. Abu Seýit Mänewi bolsa, Allanyň ähli maddy barlygy gudraty esasynda hem maddy barlygyň ýaşaýandygyny, ýöne Allanyň gudratynyň gaty sazlaşykly bolup, şol sazlaşyga adamzadyň kanun diýip düşünýändigini delillendiripdir. Her niçigem bolsa bu iki ynsan birek-biregi bilen kemsiz düşünişipdirler. Ol çekişmeden soň Ibn Sinadan Abu Sahydy nähili gördüň” diýip soranlarynda, ol ”Bu beýik pir meniň ylym bilen ýeten derejäme paýhasy bilen ýetipdir” diýip jogap beripdir. Abu Sahyt bolsa “Ibn Sina meniň paýhas bilen ýeten derejäme ylmy bilen ýetipdir” diýip aýdypdyr

                                                                                       Durdygül Akmyradowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň uly  mugallymy,

pedagogik  ylymlarynyň kandidaty.

 

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi

Bütin makalany okaň