ABŞ-nyň «Ýewrowideniýä» meňzeş özüniň aýdym bäsleşigi bolar

1 hepde ozal 6

ABŞ-da köpden bäri «Ýewrowideniýä» dykgat bilen üns berip başlapdylar, hat-da 2015-nji ýylda Awstraliýanyň edişi ýaly, oňa goşulmak barada hem oýlanyp başlapdylar. Ýöne 2020-nji ýylda EBU-dan («Ýewrowideniýäni» resmi görkezijisinden) özüniň «Amerikan aýdymynyň bäsleşigini» geçirmek üçin lisenziýa satyn aldylar. Onuň ilkinji görkezilişi 2022-nji ýylyň 21 fewralyna bellenildi. Bu barada aýdymyň ýewropa bäsleşiginiň resmi saýtynyň habar berýändigi barada «Российская газета» ýazýar.

«Amerikan aýdymynyň bäsleşigi» «Ýewrowideniýäniň» düzgünleri boýunça geçiriler. Bir tapawudy, onda ýurtlar dälde, Amerikanyň 50 ştaty, baş çägi (hususanda, Dominikan respublikasy) we ýurduň paýtagty — Waşington ýaryşarlar.

Onuň resmi görkezijisi eýýäm saýlanyldy — bu «NBC» telekanalydyr. Ýeňijiniň ady bolsa, «Ýewrowideniýedäki» ýaly, teletomaşaçylaryň beren seslerinden we emin agzalarynyň bahalaryndan — «50-ni 50-ä» goşanlaryndan soň belli bolar.

Post navigation

Bütin makalany okaň