97 ýyldan soňra ýeňiş gazandy

1 aý ozal 33
97 ýyldan soňra ýeňiş gazandy

Türkiýäniň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda Latwiýanyň 2:1- hasabynda ýeňmegi başardy. Bu hem türk milli ýygyndysynyň 97 ýyldan bäri ýeňip bilmedik Latwiýany ýeňmegi başardy.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde Türkiýäniň milli ýygyndy topary Latwiýa bilen myhmançylykda duşuşdy. “Daugawas” stadionynda geçirilen duşuşyk 2-1 hasabynda Türkiýäniň ýygyndysynyň peýdasyna tamamlandy.

Lawtiýa duşuşygyň 70-nji minutynda türk futbolçy Meril Demiralyň öz derwezisine geçiren goly bilen öňe saýlandy. 75-nji minutda Serdar Dursun hasaby deňledi. 90+9-njy minutda bolsa Burak Ýylmaz 11 metrlik jerime ugrusyndan Türkiýäniň ýygyndysyna 97 ýyldan soňra ýeňiş getirne goly geçirdi.

Türkiýäniň ýygyndysy soňky gezek Latwiýany 1924-nji ýylyň 22-nji iýunynda ýeňipdi.

Türkiýäniň ýygyndysy toparçasynda 15 utugy bar we entek dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukugy bar.

Türkiýäniň toparçasynda Niderlandlaryň 19 utugy, Norwegiýanyň 17 utugy, Türkiýänyň 15 utugy, Garadagyň 11 utugy, Latiwýanyň 5 utugy, Gibraltaryň 0 utugy bar.

«Daýhanbank»: «Talyp karzy» bank karzyny hödürleýär

Bütin makalany okaň