24-nji oktýabr Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni

1 aý ozal 22
24-nji oktýabr Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni

1945-nji ýylyň 24-nji oktýabry dünýä parahatçylygyny saklamak boýunça uly abraýa eýe bolan Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen günidir. Häzirki  wagtda bu abraýly halkara gurama dünýä döwletleriniň ençemesini özünde jemleýär. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen halkymyzyň taryhynda adatdan daşary möhüm waka bolup geçdi. Şol gün BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasy özüniň 82-nji mejlisinde ählumumy dostluk we hoşniýetlilik ýagdaýynda, ses berişligi geçirmezden, Türkmenistany BMG-niň agzalygyna kabul edýär.

 Birleşen Milletler Guramasy parahatçylygy goldamak hem-de ýurtlar arasynda parahatçylykly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin özygtyýarly döwletleriň meýletin birleşmegi esasynda döredilen halkara guramadyr.

Continue reading 24-nji oktýabr Birleşen Milletler Guramasynyň döredilen güni at InAshgabat.

Bütin makalany okaň