2022-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy

2 месяцев назад 27
2022-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Şuňa laýyklykda hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek işleri giň gerim bilen dowam edýär.

Şu ýylyň başyndan bäri geçen iki aýda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%, oba hojalygynda ösüş depgini 3,2%, söwda ulgamy 8,8%, ulag we aragatnaşyk pudagy 4% boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen ýokarydyr.

Şeýle hem, ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6%, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7% ýokarlandy.

Continue reading 2022-nji ýylyň iki aýynda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy at InAshgabat.

Читать всю статью