2022-de dynç almak üçin iň gowy ýerler

4 hepde ozal 22

Meşhur syýahat habarlar gullugy “Lonely Planet” 2022-nji ýylda iň gowy ýerleri yglan etdi. Hünärmenler tarapyndan saýlanan iň gowy 10 ýurduň sanawynda Kuk adalary birinji orny eýelän bolsa, Islandiýanyň Westfirdir sebiti ilkinji 10 sebitde birinji ýeri eýeledi. Sanawda Täze Zelandiýa Oklend 2022-nji ýylda baryp görmek üçin iň gowy şäher hökmünde saýlandy.

Ýurtlaryň sanawynda Norwegiýa, Mawritiý, Belize, Sloweniýa, Anguilla, Umman, Nepal, Malawi we Müsür bar.

Sebitleriň sanawyna Günbatar Wirginiýa (ABŞ), Sişuanbanna (HHR), Kent sebitiiň kenarýakalary (Birleşen Patyşalyk), Puerto Riko, Sikoku (Ýaponiýa), Atakama çöli (Çili), Skenik Rim sebiti (Awstraliýa), Wankuwer adasy (Kanada) we Burgundiýa (Fransiýa) giripdir.

Gezelenç etmek üçin iň gowy şäherleriň sanawyna Taýbeý (Taýwan), Fraýburg-im-Braýsgau (Germaniýa), Atlanta (ABŞ), Lagos (Nigeriýa), Nikosiýa (Kipr), Dublin (Irlandiýa), Merida (Meksika), Florensiýa (Italiýa) we Kýonju (Koreýa Respublikasy) girizilipdir.

30-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Bütin makalany okaň