18-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

1 hepde ozal 13

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz!
Siz Täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan Täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Hormatly her günki täleýnama bilen yzygiderli gyzyklanýan okyjylarymyz!
Size 18-nji noýabrdaky nobatdaky täleýnamany hödürleýäris.

Bellemeli zat, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Uly maliýe ýitgileri ýa-da ähli işleriň çökmegi mümkindir. Hyzmatdaşlar, kärdeşler bilen gatnaşyklaryňyza aýdyň göz ýetirjek boluň. Meýilnamalaryňyzy we taktikalaryňyzy gözden geçiriň. Şahsy durmuşyňyz hem sizden seresaplylygy we ünsi talap eder.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu günki islendik teklip, özüne çekiji ýaly görünse-de, girdeji getirmez. Günüň birinji ýarymynda daşky gurşaw bilen çaknyşyklar bolup biler. Bu gün, öňküsinden has sabyrlylygy we çydamlylygy görkezmeli bolarsyňyz. Täjirçilik işi ýa-da uly söwdany amala aşyrmak kararyna gelmezden ozal islendik töwekgelçiligi ýok etmelisiňiz.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Söwda amallary we girdejili satyn alyşlar üçin amatly gün. Täze tanyşlyklar gowy zat – şöhle saçyp, özüňizi gowy tarapdan görkezip, öwgülerden lezzet alyp bilersiňiz. Ähtimal, bu gün ýerine ýetirilen işden birneme ýadawlyk we nägilelik duýarsyňyz. Ýakyn adamyňyzdan goldaw tapmaga synanyşyň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Öý işlerini professional problemalaryňyz bilen birleşdirip, öňki günleriň meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegi bilen täze meseleleri çözmeli bolarsyňyz. Üstünligiňiz, öňüňizde goýan maksadyňyza ýetmekde sabyrlylyk görkezmegiňize baglydyr. Ýakyn adamyňyza rasional çemeleşmäge synanyşyň, aşa duýguçyl bolmak lapykeçlige sebäp bolup biler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Täze işe başlamak, täjirçilik syýahaty, resminamalara gol çekmek üçin amatly gün. Hemme zatda aýgytly hereket ediň, ýöne inisiatiwany hiç kime ynanmaň. Günüň ikinji ýarymynda özdiýenliligiňiz we egoistligiňiz beýlekileri gaharlandyrar we gapma-garşylyklara sebäp bolar.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Häzirki wagtda bolup geçýän zatlara dogruçyl baha bermek üçin uly zerurlyk bar. Soňky döwürde ýaňy dörän we üns bermedik meseleleriňiziň ýüze çykmagy ähtimal. Bu ýagdaýda käbir üýtgeşmeler girizmek we maşgalanyň maddy ýagdaýyny gowulaşdyrmak aňsat bolar. Bu gün özara düşünişmek düýbünden ýok bolup biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün siziň maliýe taslamalaryňyzyň köpüsi meýilleşdirilişi ýaly gitmez. Pul ýitgileri göz öňünde tutulmaýar, ýöne öňegidişlik hem bolmaz. Ýakyn adamyňyz bilen düşünişmezlikler hem aradan aýrylmaýar. Ýyldyzlar duýguçyl bolmagy maslahat berýärler.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Ýyldyzlar bu gün siziň tarapyňyzda. Dostlaryň ýa-da täsirli howandaryň kömegi bilen geljekde üstünlik gazanmak üçin bir görnüşli başlangyç ýasap bolar. Günüň ikinji ýarymynda bolsa öz ýörelgeleriňizi çynlakaý goramaly bolarsyňyz. Garşy jynsdaky adam bilen gapma-garşylyklatyň bolmagy gaty ähtimal.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Üns bermeýän meseleleriňiz bilen baglamyşykly kyn gün. Işdeş kärdeşleriňiz bilen gatnaşyklaryňyz çylşyrymlaşdyrylyp bilner; duşuşyklar şowsuz bolar, wagtyňyzyň we güýjüň köp ýitirilmegi bilen meseleler çözüler. Bolýan zatlara dogruçyl baha bermek üçin uly zerurlyk bar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Täze perspektiwalar, meýilnamalary düzetmek, has gowy iş tapmak ýa-da esasy girdeji çeşmesini üýtgetmek üçin amatly gün. Dostlaryňyzyň, täsirli adamlaryň, howandarlaryň kömeginden ýüz öwürmäň. Günüň ikinji ýarymynda saglygyň ýaramazlaşmagy ähtimal.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Umuman aýdanyňda, üstünlikli gün garaşylýar. Bu gün belki dürli meseleleri çözmeklik bilen ýatda galar. Täze işewür tanyşlar üçin amatly gün. Täsirli howandaryňyzyň bolmagy mümkin. Saglygyňyza we iýmitiňize üns beriň.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Agressiwlik, emosional deňsizlik, maliýe ýitgilerine ýa-da hyzmatdaşlara bolan ynamyň ýitmegine sebäp bolup biler. Durmuşyňyza girýän täze adamlar köp kynçylyklaryň çeşmesi bolup biler. Köçeden geçeniňizde seresap boluň, awtoulagy çalt sürmekden, ýiti zatlar ýa-da elektrik enjamlary bilen işläniňizde şikeslerden ägä boluň.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/8-yyldan-sonra-dunya-cempionatyna-gatnasyar/
Bütin makalany okaň